Şu gün Eneler güni

Şu gün söýginiň, janypkeşligiň we mähiriň nyşany bolan eneler günüdir

486570
Şu gün Eneler güni

Eneler güni öz gözbaşyny ençeme ýüz ýyl ozaldan ýagny sumerlerden alyp gaýdýar.

1600-nji ýyllarda iňlisleriň arasynda Eneler güni ady bilen ýörite gün bellenmäge başlanypdy. Iňlisler bu ýörite günde rugsatly bolup, şol güni öýlerinde eneleriniň ýanyndan geçiripdirler.
Taryhda ilkinji resmi Eneler gününi orta atan adam Žulia Ward Howe boldy. 

Howe her ýylyň 2-nji iýulynda Eneler gününi belläp geçmek pikirini öňe sürdi.

Howeden soň kentukili mugallym Mari Towles Sassin 1887-nji ýylda ilkinji bolup Eneler gününi bellemäge başlady.

Sassinden soň Eneler gününi Indiana South Bentden Frank Herig hem belläp geçmäge başlady.

ABŞ-nyň Prezidenti Wudrow Wilson 1913-nji ýylda Eneler gününi ýörite gün hökmünde kabul etdi.

Türkiýäniň Prezident R.T. Erdogan Eneler güni mynasybetli ýüzlenme çap etdi. Erdogan ýüzlenmesinde: “Ene küýsenjini her pursat başyndan geçirýän biri hökmünde her enäni öz enem ýaly görýärin. Sabyr, mähir, söýgi we merhemet ýaly duýgularyň nusgasy bolan enelerimiz maşgalanyň we jemgyýetiň diregidir. Ähli eneleriň eneler gününi gutlaýaryn” diýdi.
Premýer ministr Ahmet Dawutogly hem sosial medianyň üsti bilen Eneler gününi gutlady. Dawutogly: “Enelerimiziň ullakan ýüreklerine salam bolsun. Ähli eneleriň Eneler güni gutly bolsun” diýdi.


Etiketkalar: #eneler , #Erdogan , #Dawutogly , #gutlag

Degişli Habarlar