ÝB-ne agza ýurtlaryň raýatlarynyň Türkiýede wizasyz syýahat etmekleri hakynda karar kabul edildi

Karar ÝB-niň Türkiýäniň raýatlaryna wizasyz syýahat hukugyny beren güni güýje girer

483228
ÝB-ne agza ýurtlaryň raýatlarynyň Türkiýede wizasyz syýahat etmekleri hakynda karar kabul edildi

ÝB-ne agza ýurtlaryň raýatlarynyň Türkiýede wizasyz syýahat etmekleri hakynda Ministrler kabinetiniň mejlisinde kabul edilen  karar resmi gazetde çap edildi.

Karar ÝB-niň Türkiýäniň raýatlaryna wizasyz syýahat hukugyny beren güni güýje girer.

Türkiýe bosgun krizisinde goldaw soran ÝB bilen Türkiýäniň raýatlaryna wizasyz syýahat hukugynyň berilmegi meselesinde mart aýynda ylalaşyk gazanypdy.

Emma ÝB wizasyz syýahat üçin  Türkiýäniň 72 kriteriýany ýerine ýetirmegi şerti goýuldy.

ÝB ministri Wolkan Bozkyr kriteriýalaryň şu hepde ýetirine ýetiriljekdigini aýdypdy.

Türkiýe-ÝB wiza ýeňilligi şertnamasy ÝB-ne agza ýurtlary öz içine alýar.

Daniýa, Britaniýa we İrlandiýa wiza ýeňilligi şertnamasyna degişli däl.

 

 


Etiketkalar: #ÝB , #wiza ýeňilligi

Degişli Habarlar