“Yslamy böleklere bölmek: Geçen asyrdan dersler”

Yslamyň jebisligi we ýokary ahlaky oňa garşy durýanlara iň ýerlikli jogapdyr

480435
“Yslamy böleklere bölmek: Geçen asyrdan dersler”

Musulmanlar, basyşyň tarapynda durýan radikallar tarapyndan aňsatlyk bilen manipulirlenen üýtgewsiz iki taraply garşylyklara şert döredýän çapraz şahsyýetleri taýarlamagyň ýerine öz milli, etniki we messep şahsyýetlerini, yslamyň içgin jebisligini we bitewiligini gorap saklajak ýokary ruhy hem-de ynsanperwer özboluşlyga eýe bolmalydyr.

1901-nji ýylda çap edilen Fransiýanyň kolonialist döwrüne degişli žurnallaryndan biriniň redaktory Edmond Fazi köp snaly ýewropaly syýasatça hem-de kolonialist ýolbaşça geljek asyrda yslamyň geljeginiň nähili bolup biljekdigini soraýar. Şol üns çekiji sowalnamanyň geçirilmegtinden bäri bir asyrdan gowrak wagtyň geçendigini göz öňünde tutanymyzda, şol wagt berilen jogaplaryň käbirleriniň şu günki günde-de entek köp many aňladýandygyny görmek bolýar.

Şol jogaplar döwrüň Ýewropasynyň düşünjesi barada köp zady ýüze çykarýardy. Emma şol bir wagtda-da musulman dünýäsiniň öz-özüne açan ýaralaryna-da şöhle saçýardy.

Fazinin geljek baradaky soraglaryna jogap beren gündogary öwreniji alymlaryň arasynda wenger İgnak Goldziher, nemes alymy Martin Hartmann we fransuz arapşynasy Edmond Dutti hem bardy.

Her biri beren jogaplarynda yslamy günbataryň gönüden goşulyşmagynda durmuşa geçjek “medenileşdirme missiýasyna” garaşly, bitewi, öli däp, çüýrän medeniýet we haotik syýasy hem-de medeni dünýä hökmünde häsýetlendiren klassiki gündogarşynaslygyň başlangyç faktorlaryny we 19-njy asyr Ýewropa kolonialist döwrüne degişli grafikalaryny tassyklapdylar.

Žozef Massad 2015-nji ýylda Çikago uniwersitetiniň neşirleriniň arasynda çapdan çykan “Yslam we Liberalizm” atly kitabynda şol garaýyşa analiz we syn berýär.

Şol soraga jogap berenleriň arasynda fransuz yslam pelsepesi mugallymy we alym, dinler taryhçysy Bernard Karra de Wauks bolsa özüne mahsus ak-gara analizi we kör teklibi bilen öňe saýlanýar.

Karra de Wauksyň geljek asyr üçin yslamyň geljegi barada beren çaklamasy ylmy hünärmenlik we kolonialist garaýyşyň başlangyç faktorlaryny birleşdirýär. Analiziniň esasy maksady Soltan Abdulhamid 2-nji we döwrüň intellektuallary hem-de alymlary tarapyndan goldanan pan-yslamizmden döremegi ähtimal we Ýewropanyň yslam dünýäsindäki häkimiýetini ortadan aýyrjak howpyň öňüniň nähili alynjakdygyny görkezmekden ybarat.

Karra de Wauks yslamyň günbataryň we Ýewropanyň gymmatlygy bolan demkratiýa hem-de liberalizm bilen utgaşdyrylyp bilinjekdigini ykrar edýär. Liberalizmiň, (bu adalga nähili düşünýän bolsa) “Yslamyň içinde ornaşyp biljekdigini we geçmişde-de ony “hoş niýetlilik” gönüşinde ornaşandygyny” aýdýar.

Beýleki tarapdan Karra de Wauksyň esasy aladasy yslamy liberalizm ýa-da liberal yslam teoriýasyny döretmek däldi, adalganyň syýasy we medeni taýdan günbataryň hökmürowanlygynyň musulman halklaryň üstünde dowam etmeginiň we çuňlaşmagynyň ýollaryny görkezmekdi.

Kolonializm wagt, sabyr we gadagan edilen subýektleriň täzeden düzülmegini talap edýär.

Eger-de günbatar musulman dünýäsiniň sözüň doly manysynda kolonia öwrülmeginde üstünlikli bolmak isleýän bolsa Karra de Wauks olara şuny teklip edýär: “Muhammedi dünýäni bölmeli we ruhy bileleşigi derbi-dagyn etmeli, häzirki wagtda bar bolan syýasy we etniki bölünşiklerden peýdalanylmaly.”

Karra de Wauks syýasy etniki we messep tapawutlyklarynyň hökmany suratda nygtalmagyny, şeýlelikde “milletçi duýgurlygy güýçlendirmegi we dini jemgyýetçilige degişli bolan ynjyklyklaryň bolsa azaldylmalydygyny” pikir edýärdi.

Karra de Wauksyň gelen netijesine görä Ýewropa kolonializmi üýtgewsiz hökümdarlyk maksadyna gulluk edýär. Şol ruh bilen resmi teklibini hödürleýär: “Bir söz bilen aýdylanda yslam böleklere bölünmeli. Emma onuň hötdesinden gelenden soň azmalardan we sufi doganlygyndan peýdalanyp bileris.” Eger ünslilik bilen berjaý edilen halatynda bu syýasatlar “Yslamy ejizleder, biynjalyk eder, guruşdyrar we asla beýik oýanyşy amala aşyrjak güýje ýetip bilmez.”

Karra de Wauksyň çaklamalarynyň ähmiýetine garamazdan ortada duran hakykat şundan ybarat: kolonializmiň we medeni hökmürowanlygyň mirasy yslamyň böleklere bölünmegine hem-de yslamyň içerki köpugurlylygyň manipulirlenmegine sebäp boldy. İntellektual we ruhy bitewiliklerini ýitiren we ajaýyp geçmiş bilen bedibagt şu günki güni tapawutlandyrýan musulman halklar ne däplerine eýe çykyp bilerler ne-de medeniýetleri bilen barlyşykly ýagdaýda özlerini döwrebaplaşdyryp bilerler. Kolonializm we medeni imperializm musulman dünýäsiniň içerki tapawutlyklarynyň haýsydyr bir beýik oýanyşy amala aşyryp bilmezligi we täze dünýä ulgamynyň esasy güýç dizaýnlaryny biynjalyk etmejekligini kepillendirmek üçin gerek bolan çäräni gördi.

Kolonializmiň şol zyýanly mirasy hökmany suratda görülmeli, emma bir tarapdan-da musulman dünýäsiniň şu günki günde başdan geçirýän şertlerine öz islegi bilen näçe goşant goşjakdygyny hem soramak ýerlikli bolar. Mysal üçin sünni we şaýy musulmanlaryň arasyndaky messep dartgynlygynyň sebäbi dünýä güýçleriniň musulman ýurtlara guraýan operasiýalary ýaly musulman milli döwletleriniň arasyndaky milli bähbitleri galan ähli zatdan ilerde tutýan güýç göreşinden we wekilçilikli uruşlardan hem gelip çykýar. Gözýetim, liderler we öňden görüjilik ýetmezçiligi bütin musulmanlary soňy gelmeýän göreşlere gönükdirýär. Şol göreşler messebine, etniki gelip çykyşyna ýa-da raýatlygyna garamazdan ählisine zyýan ýetirýär, ählisini ejizledýär.

Globallaşma çapraz ýagdaýda yslamy düşünjede kesgitlenen ynanç we ummat ýaly köp ugurly frazalary ýada saljak görnüşde şahsyýetleriň bitewileşmegi hem-de kesişmegi ýaly meýilleri güýçlendirýär. Klassiki yslama, pelsepeden sungada, geografiýadan syýasata çenli ähli ugurda halkara we global garaýyşyň özenini ummadyň şol bitewileşdiriji düşünjesi emele getirýär. Yslamdaky kosmopolit ruh daşardan däl, eýsem içerden gelýär we İbn Al Arabi tarapyndan tapawutlyklary ret etmezden ähli zady bileleşik adalgasynda birleşdirýän “köpdürlilikde bileleşik” hökmünde iňňän ýerlikli kesgitläpdir. Şol bir wagtda bileleşigiň bir görnüşlilik we köpdürliligiň haos ýa-da bidüzginçilik bolmandygyny hem nygtapdyr.

Musulmanlar şu günki günde şol başlangyç ýörelgä eýe çykmalydyr. Adamlaryň aňynda we duýgylarynda üýtgewsiz ikilik emele getirýän we basyşyň tarapynda durýan radikallar tarapyndan ýeňillik bilen manipulirlenýän başga şahsyýetleriň ýüze çykmagyny höweslendirmegiň ýerine, milli, etniki we messep şahsyýetlerini bir tarapdan-da yslamyň içerki jebisligini we yzgiderliligini gorap saklaýan, beýleki tarapdan-da onuň global hem-de kosmopolit garaýyşyny dowam etdirýän ýokary ahlaky we ynsanperwer başlangyjyna ornaşdyrsynlar. Bu DAEŞ we Al Kaýda ýaly basyşyň tarapynda durýan radikallara, şol bir wagtda-da musulman dünýäsini etniki gelip çykyş we messep arkaly bölmek isleýänlere garşy iň ýerlikli jogap bolar.

İbrahim Kalyn, Prezidentiň Diwanynyň Metbugat Sekretary



Degişli Habarlar