"Türkiýe bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky gatnaşyklarda täze sahypa açyldy"

Çawuşogly sapary hakynda metbugata beýanat berdi

478150
"Türkiýe bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky gatnaşyklarda täze sahypa açyldy"

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Birleşen Arap Emirliklerine guraýan saparynyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar taýdan öwrülşik nokadydygyny nygtady.

Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler ministri Şyh Abdullah Bin Zaýed Al Nahýanyň çakylygyna laýyklykda paýtagt Abu Daba giden Çawuşogly sapary hakynda metbugata beýanat berdi.

Türkiýe bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky gatnaşyklarda täze sahypa açandyklaryny aýdan Çawuşogly “Mundan soňky etapda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň esasan hem Saud Arabystany bilen birlikde sebitiň durnuklylygy we howpsyzlygy üçin diýseň möhümdigi hakynda pikir alyşdyk”diýdi.

Çawuşogly Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkiýedäki ilçisiniň 7-nji maýda wezipesine başlajakdygyny belledi.



Degişli Habarlar