NATO-nyň Baş sekretary Premýer ministr Dawutogly bilen duşuşdy

Stoltenberg Prezident R. T. Erdogan tarapyndan kabul ediler

475020
NATO-nyň Baş sekretary Premýer ministr Dawutogly bilen duşuşdy

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg iýul aýynyň 8-9-y aralygynda Warşawada geçiriljek NATO maslahaty üçin görülýän taýarlyklar hakynda pikir alyşmak üçin Türkiýä geldi.

NATO-nyň Baş sekretary saparynyň çäginde ilki Premýer ministr Ahmet Dawutogly bilen duşuşdy.

Duşuşykda Warşawa maslahaty üçin görülýän taýarlyklar bilen birlikde Türkiýäniň günorta gündogar serhedindäki harby operasiýalar we serhetleriň howpsyzlygy meselesi seljerildi.

Dawutogly bilen Stoltenberg duşuşykda şeýle hem terror guramasy DEAŞ-a garşy göreş, Yrakdaky we Siriýadaky soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

Duşuşykda NATO-nyň Egeý deňzinde bikanun göç edilşigiň öňüniň alynmagy üçin edýän tagallasy hem gün tertibine getirildi.

NATO-nyň Baş sekretary Stoltenberg saparynyň çäginde şu gün Prezident R. T. Erdogan tarapyndan kabul ediler.



Degişli Habarlar