Ahmet Dawutogly Hasan Ruhani bilen duşuşdy

Duşuşykda Siriýanyň we Yragyň başda durmagynda sebitara meseleler seljerildi

471932
Ahmet Dawutogly Hasan Ruhani bilen duşuşdy


Premýer ministr Ahmet Dawutogly Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani bilen duşuşdy.

Ahmet Dawutoglynyň Hasan Ruhani bilen bolan duşuşygynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar we sebitara meseleler bilen birlikde Stambulda geçirlen Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň maslahaty ýaly birnäçe mesele ara alnyp maslahatlaşyldy.

Oňyn atmosferada geçen duşuşykda esasan hem Eýrana goýlan çäklendirmeleriň bes edilmeginden soň iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň gün saýyn ösýändigi nygtaldy.

Duşuşykda bankçylyk pudagynda ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmegi, söwda mukdarynyň artdyrylmagy, gümrük geçelgelerinde iki ýurduň konteýnerleriniň nobata durmazlyklary üçin çäre görülmegi we iki taraply maýa goýumlaryň artdyrylmagy meselesinde ylalaşyk gazanyldy.

Duşuşykda Siriýanyň we Yragyň başda durmagynda sebitara meseleler hem seljerildi.

Siriýa krizisiniň çözülmegi etabynda ýurduň territorial bitewiliginiň goralmagynyň ähmiýeti nygtaldy.

Premýer ministr Ahmet Dawutogly duşuşykda PKK, PEŽAK, PÝD we DAEŞ ýaly terror guramalaryna garşy göreşde Türkiýäniň tutanýerli tutum alyp barýandygyny nygtady.

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani hem DEAŞ we PKK ýaly terror guramalarynyň Türkiýäniň we Eýranyň umumy duşmanydygyna ünsi çekdi.

Türkiýäniň Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň döwürleýin ýolbaşçylygy döwründe musulman ýurtlaryň arasyndaky düşnüşmezlikleriň ortadan aýrylmagy, agza ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi we yslamofobia garşy göreş meselesinde tutanýerli tutumyň alnyp barylmagy babatynda ylalaşyk gazanyldy.



Degişli Habarlar