Hökümet täze howpsyzlyk çärelerini görýär

13 sany täze polis gözegçilik merkeziniň açylmagy bilen welaýatyň ýaşaýjylarynyň howpsyzlygy üpjün ediler

468539
Hökümet täze howpsyzlyk çärelerini görýär

Türkiýäniň günorta gündogar welaýatlarynda käbir etraplaryň terror guramasy PKK-dan saplanmagyndan soň hökümet täze howpsyzlyk çärelerini görýär.

Ministrler Kabinetiniň karary bilen Günorta gündogar welaýatlarda 13 sany täze polis gözegçilik merkeziniň açylmagy bilen welaýatyň ýaşaýjylarynyň howpsyzlygy üpjün ediler.

Türkiýäniň ýaragly güýçleri 2015-nji ýylyň iýul aýyndan bäri Türkiýäniň Günorta gündogar welaýalarynda ýerleşýän käbir etraplaryň aýralykçy terror guramasynyň täsiriniň ortadan aýrylmagy maksady bilen operasiýa guraýar.

Birnäçe aýdan bäri dowam edýän operasiýalaryň çäginde terror guramasynyň barrikadalary aýrylýar we gazan çukurlary ýapylýar.

Döwlet hem operasiýalaryň esasy böleginiň tamamlanan etraplarynda berk howpsyzlyk çärelerini görýär.

Ministrler Kabineti täze polis gözegçilik merkezleriniň açylmagy hakynda ýörite karar kabul etdi.

Resmi gazetde çap edilen karara görä, Diýarbakyrda Baglar etrapçasynda iki, Kaýapynar etrapçasynda 1, Hakkari welaýatynyň Çukurja etrabynda 1 we Ýülsekowa etrabynda 1, Mardin welaýatynyň Kyzyltepde etrabynda iki, Şyrnagyň Jizre etrabynyň Ýasef etrapçasynda 2 we İdil Atakent etrapçasynda 2, Nur we Judi etrapçalarynyň her birinde 1 polis gözegçilik merkezi açylar.



Degişli Habarlar