Mardinde polisler nyşana alyndy

Mardin welaýatynyň Derik etrabynda polisleriň galýan ýerine terroroçylar tarapyndan uzyn nilli ýaraglar bilen guralan hüjümiň netijesinde 1 polis işgäri şehit boldy, golaýdaky 1 adam hem ýogaldy

467944
Mardinde polisler nyşana alyndy

Alynan maglumatlara görä Derik etrabynyň Bahçeliewler etrapçasynda ýerleşýän polisleriň galýan öýlerine terrorçylar tarapyndan uzyn nilli ýaraglar bilen hüjüm guraldy.

Hüjümiň netijesinde 1polis işgäri we golaýdaky 1 adam ýaralandy. Ýaralananlar Derik döwlet hassahanasynda edilen tagallalara garamazdan halas edilip bilinmedi.

Beýleki tarapdan bolsa howpsyzlyk güýçleriniň terrorçylara garşy guraýan operasiýalary dowam edýär.

Mardin welaýatynyň Nusaýbin etrabynda terror guramasy PKK-a garşy operasiýalar dowam edýär. Howpsyzlyk güýçleri etrapda 900-den gowrak raýaty operasiýa bolýan ýerlerden howpsyz ýerlere göçürdiler.


Etiketkalar: #Mardin , #Derik , #etrap , #operasiýa , #raýat

Degişli Habarlar