Dawutogly: “Yslamy DAEŞ bilen bir hatarda görmek isleýänler taryha seretsin”

Türkiýäniň Premýer ministri Ahmet Dawutogly Yslamy terror guramasy DAEŞ bilen bir hatarda görmek isleýänleriň taryhy gözden geçirmeklerini maslahat berdi

468064
Dawutogly: “Yslamy DAEŞ bilen bir hatarda görmek isleýänler taryha seretsin”

Premýer ministr Dawutogly Din işler guramasynyň Ankarada guran we şu ýylky mowzugy “Pygamber, umumylyk we jebislik" hökmünde bellän Gutly dogulan hepdesi dabaralarynyň açylyşynda çykyş etdi.

Eden çykyşynda yslamyň iň uly tapawudynyň boýun egmekdigini aýdan Dawutogly: “Biz bir gezek Alla boýun egenlerdendiris, başga hiç bir zada boýun bolmarys. Şu günki günde yslamy DAEŞ bilen bir hatarda görmek isleýänler ýa-da yslamy zenanlary kemsidýän din ýaly görmek isleýänler taryhy okasynlar. Hiç bir dinde hezreti Hatyja, hezreti Äşa görkezilen hormat yslama çenli dinlerde bolmady. Açsynlar taryha seretsinler Zenanlaryň ruhy barmy? diýip, hat-da häzirki döwre seretsinler. XIX asyra çenli Günbatar pelsepesinde Zenanlaryň ruhy barmy ýa-da ýokmy? jedelleri dowam ederdi we şeýtanyň giren zenanlaryň endamyndan şeýtanlaryň çykarylmagy üçin zenanlary ýakmak däpleri bolardy. Biz bolsa pygamberimize bolan hormatymyzy onuň enesine ýagny Emine hatyna hem görkezýäris we ony däbe öwürdik. Onuň aýallaryny ejelerimiz hökmünde, her birini ähli adamzadyň ejesi hökmünde görýäris" diýdi.



Degişli Habarlar