PKK-nyň Kandil dagyndaky ýarag ammaryna we gaçybatalgalaryna howa hüjümi guraldy

Mardin, Şyrnak we Hakkari welaýatlarynda guralan operasiýada bolsa 15 terrorçy öldürildi

465068
PKK-nyň Kandil dagyndaky ýarag ammaryna we gaçybatalgalaryna howa hüjümi guraldy

Türkiýäniň ýaragly güýçleri aýralykçy terror guramasy PKK-nyň Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Kandil dagyndaky ýarag ammaryna we gaçybatalgalaryna howa hüjümini gurady.

8 sany F-16 we F-4 2020 kysymly harby uçar bilen guralan hüjümde ozal anyklanan ýerler bombalandy we hatardan çykaryldy.

Mardin, Şyrnak we Hakkari welaýatlarynda guralan operasiýada bolsa 15 terrorçy öldürildi.

Mardin welaýatynyň Nusaýbin etrabynda guralan terrorçylykly hüjümde 2 esger şehit boldy.

Nusaýbin etrabynda howpsyzlyk güýçleriniň guran operasiýasynda terrorçylaryň ot açmagy sebäpli 1 esger hem ýaralandy.

Şyrnak welaýatynyň Silopi etrabynda hem polis ulagyna terror guramasy PKK tarapyndan guralan roketaly hüjümde 1 polis şehit boldy, 4 polis gullukçysy hem ýaralandy.

Howpsyzlyk güýçleri bilen hüjümçileriň arasynda bolan çaknyşykda 1 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Mardin welaýatynyň Nusaýbin etrabynda bolsa çagasyny lukmana alyp barýan sakçy PKK-ly terrorçylaryň ot açmagy sebäpli şehit boldy.

Diýarbakyryň Lija Kulp gara ýolunyň ugrunda sowutly ulag geçip barýarka terrorçylar tarapyndan goýlan partlaýjy maddanyň ýarylmagy sebäpli 2 polis gullukçysy ýeňil ýaralandy.



Degişli Habarlar