Erdogan ABŞ-na guran saparynyň çäginde köp sanda ikiçäk duşuşyklar geçirdi

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan Waşingtonda dünýäniň ençeme liderini bir ýere jemlän Ýadro howpsyzlyk maslahatynyň çäginde köp sanda ikiçäk duşuşyklar geçirdi

463127
Erdogan ABŞ-na guran saparynyň çäginde köp sanda ikiçäk duşuşyklar geçirdi

Ýokary derejeli maslahatyň açylyşyna gatnaşan Prezident Erdogan 52 ýurduň liderleri bilen surata düşdi.

Maşgala suraty düşürileninden soň iş naharyna geçildi.

Prezident Erdoganyň hem gatnaşmagynda geçen iş naharynda ýadro howpsyzlygynyň artdyrylmagy üçin edilýän işler barada durup geçildi.

Prezident R.T. Erdogan Ýadro howpsyzlyk maslahatynyň çäginde köp sanda ikiçäk duşuşyklar geçirdi.

Erdogan ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama, Polşanyň Prezidenti Andrzež Sebastian Duda we Fransiýanyň Prezidenti Fransua Olland bilen duşuşdy.

Prezident Erdogan Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gazagystanyň Prezidenti Nusrsultan Nazarbaýew, Hytaýyň döwlet ýolbaşçysy Si Szinpin we BMG-nyň Baş sekretary Pan Gi Mun ýaly liderler bilen hem söhbetdeş boldy.

Erdogan ondan soň bolsa ABŞ-nyň jemgyýetçilik pikirleriniň liderleri bilen özara duşuşyk geçirdi.

Prezident aralarynda Madeleine Albright, Aziz Sanjar, William Kohen, Kolin Powell we James Jones ýaly adamlar bolan 25 jemgyýetçilik pikirleriniň liderleri bilen geçiren duşuşygy 2 sagat dowam etdi.

Prezident Erdogana Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen Energatika we tebigy serişdeler ministri Berat Albaýrak ýoldaşlyk etdi.



Degişli Habarlar