Premýer ministr Dawutogly Diýarbakyra bardy

Premýer ministr Ahmet Dawutogly dün hyýanatçylykly hüjümde 7 polis işgäriniň şehit bolan Diýarbakyr şäherine bardy

462908
Premýer ministr Dawutogly Diýarbakyra bardy

Premýer ministr ilki bilen terrorçylardan saplanan şäheriň Sur etrabyna bardy we ol ýerde adamlaryň öňünde çykyş etdi.

“Şu gün bu ýere siziň bilen duşuşmak üçin gelýän wagtym ýüregimde Diýarbekir söýgüsi bardy, emma bu duşuşygy biz üçin köp gördüler. Düýn 7 janymyzy, 7 ýüregimizi bizden aldylar" diýen Premýer ministr: “Olar Ankarada, Stambulda adamlarymyzy şehit etdiler, gorkarys öýtdüler. Biz doganlyk diýýän wagtymyz, söýgi diýýän wagtymyz olar ýigrenç tohumlaryny ekmek islediler. Biz size ynanýarys" diýdi.

Çykyşyndan soň Premýer ministr Ahmet Dawutogly Sur etrabynyň köçelerini gezip gördi we dükançylar bilen duşuşdy.

Soň bolsa Hasan Paşa hanynda etrabyň tanymal adamlary bilen söhbetdeşlik geçiren Premýer ministr Sur etrabyny terrorçylaryň ýykan bu ýagdaýy bilen taşlap gitmejekdiklerini, owadan edip ýaňadandan gurjakdyklaryny belledi.

Dawutogly: “Silopiniň zerurlyklary Surdan tapawutly. Jizräniň zerurlyklary Silopiden tapawutly. Her biri üçin aýry-aýry iş alyp barýarys. Maksadymyz aýdyňdyr. Maksdymyz adamlary, ýerleri goramak we zamana laýyk ýagdaýda ýaşaýyşy gowylandyrmak. Iň gowy şertleri raýatlarymyz üçin üpjün etmek. Adamlary gorag astyna almaýan hiç bir meýilnama, adamlar üçin durmuşa geçirilmeýän hiç bir taslama almak isleýän netijesine eýe bolmaz" diýip belledi.



Degişli Habarlar