Suzan Raýs PKK tarapyndan guralýan hüjümleri berk ýazgardy

Çawuşogly Ak Tamyň Milli howpsyzlyk boýunça geňeşçisi Suzan Raýs bilen duşuşdy

460260
Suzan Raýs PKK tarapyndan guralýan hüjümleri berk ýazgardy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Ak Tamyň Milli howpsyzlyk boýunça geňeşçisi Suzan Raýs bilen duşuşdy.

Resmi sapar bilen ABŞ-na baran Mewlüt Çawuşogly ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri bilen bolan duşuşygyndan soň Ak Tamda Suzan Raýs bilen duşuşdy.

Duşuşykdan soň Ak Tamda metbugata beýanat beren Raýs bilen Çawuşoglynyň özara duşuşykda iki ýurduň arasyndaky howpsyzlyk we terrora garşy göreş hakynda pikir alyşandyklary nygtaldy.

Ak Tamyň Milli howpsyzlyk boýunça geňeşçisi Suzan Raýs Türkiýede soňky döwürde guralan terrorçylykly hüjümleri ýazgardy.

Suzan Raýs terror guramasy PKK tarapyndan guralýan hüjümleri berk ýazgarýandyklaryny aýtdy.

Raýs terrora garşy göreşde Türkiýä goldaw bermäge dowam etjekdiklerini belledi.



Degişli Habarlar