PKK-a zarba urulýar

Mardin, Şyrnak we Hakkari welaýatlarynda guralan operasiýalarda 24 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

458240
PKK-a zarba urulýar

Türkiýäniň ýaragly güýçleri terror guramasy PKK-a zarba urmaga dowam edýär.

Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Awaşin, Basýan etrapçalaryndaky anyklanan ýerlere 6 sany F-16 we F-4 2020 kysymly harby uçarlar bilen howa hüjümi guraldy.

Beýleki tarapdan Mardin, Şyrnak we Hakkari welaýatlarynda guralan operasiýalarda 24 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Mesele hakynda Baş ştab tarapyndan berlen beýanatda Mardin welaýatynyň Nusaýbin etrabynda aýralykçy terror guramasyna garşy guralan operasiýada 10 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Operasiýada häzire çenli täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň sany 70 ýetdi.

Şyrnak welaýatynda bolsa 12 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi, 22 granat hem ýok edildi.

Şyrnakda täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň sany bolsa 66-a ýetdi.

Hakkari welaýatynyň Ýüksekowa etrabynda guralan operasiýada hem 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.



Degişli Habarlar