Prezident Erdogan Belgiýanyň Şasy Filipe gynanç bildirdi

Prezident R. T. Erdogan Brýussselde guralan terrorçylykly hüjüm sebäpli Belgiýanyň Şasy Filipe gynanç bildirdi

456532
Prezident Erdogan  Belgiýanyň Şasy Filipe gynanç bildirdi

Prezident R. T. Erdogan Brýussselde guralan terrorçylykly hüjüm sebäpli Belgiýanyň Şasy Filipe gynanç bildirdi.

Belgiýanyň Şasy Filipe telefon eden Prezident Erdogan hüjümleri berk ýazgarýandygyny we hüjümlerde ýogalanlar üçin belgiýanyň halkyna uly gynanç bildirýändigini nygtady.

Prezident R. T. Erdogan telefon söhbetdeşliginde hüjümlerde ýaralananlara gyssagly şypa diledi.

Prezident Erdogan Ankarada we Stambulda guralan hyýanatçylykly hüjümlere ünsi çekmek bilen Belgiýanyň gynanjyny paýlaşýandyklaryny belledi.

Türkiýäniň terrora garşy göreşde Belgiýa goldaw berýändigini aýdan Erdogan, dünýä ýurtlarynyň terrora garşy birlikde göreşmeginiň möhümdigini ýatlatdy.

Belgiýanyň Şasy Filip hem medet beriji sözleri üçin Prezident Erdogana öz minnetdarlygyny bildirdi.

Prezident R. T. Erdogan Belgiýadaky terrorçylykly hüjüme sosial media arkaly türk, iňlis we fransuz dilinde berk garşylyk görkezdi.



Degişli Habarlar