Hakkaride 2 polis gullukçysy bilen 1 esger şehit boldy

Çaknyşykda 9 esger hem ýaralandy

456248
Hakkaride 2 polis gullukçysy bilen 1 esger şehit boldy

Hakkari welaýatynyň Ýüsekowa etrabynda guralan operasiýada PKK-ly terrorçylar bilen bolan çaknyşykda 2 polis gullukçysy bilen 1 esger şehit boldy.

Çaknyşykda 9 esger hem ýaralandy

Mardin welaýatynyň Nusaýbin etrabynda aýralykçy terror guramasyna garşy guralýan operasiýalar dowam edýär.

Operasiýalarda 1 esger şehit boldy, 6 esger ýaralandy.

Baş ştab tarapyndan berlen beýanatda terrorçylar tarapyndan goýlan partlaýjy maddalaryň ýarylmagy sebäpli 1 esgeriň şehit bolandygy, biri agyr 6 esgeriň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Beýleki tarapdan Hakkari welaýatynyň Ýüksekowa etrabynda 12, Şyrnakda 8 we Mardiniň welaýatynyň Nusaýbin etrabynda 3 bolmak bilen jemi 23 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi bellenildi.

Üç welaýatda häzire çenli 143 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi nygtaldy.



Degişli Habarlar