PKK-ly terrorçylaryň goýan partlaýjy maddalarynyň ýarylmagy sebäpli 3 esger şehit boldy

14-nji martdan bäri etrapda operasiýalar dowam edýär

455179
PKK-ly terrorçylaryň goýan partlaýjy maddalarynyň ýarylmagy sebäpli 3 esger şehit boldy

Mardin welaýatynyň Nusaýbin etrabynda terror guramasy PKK-ly terrorçylaryň goýan partlaýjy maddalarynyň ýarylmagy sebäpli 3 esger şehit boldy.

Welaýatda ertiriň irki sagatlarynda hem bir polis gullukçysy partlaýjy maddalaryň ýarylmagy sebäpli şehit bolupdy.

Nusaýbin etrabynda PKK-ly terrorçylaryň tussag edilmegi, gazylan çukurlaryň ýapylmagy, barrikadalaryň aýrylmagy we halkyň howpsyzlygynyň üpjün edilmegi üçin köçä çykmak gadagan edildi.

Türkiýäniň ýaragly güýçleri hem 14-nji martdan bäri etrapda guraýan operasiýalaryny dowam etdirýär.



Degişli Habarlar