Nusaýbindäki operasiýada howpsyzlyk gullygynyň 3 işgäri şehit boldy

Howpsyzlyk gullugy bilen terrorçylaryň arasynda ýüze çykan ýaragly çaknyşykda agyr ýaralanan polisiýa işgäri ähli tagallalara garamazdan halas edilip bilinmedi we şehit boldy

454445
Nusaýbindäki operasiýada howpsyzlyk gullygynyň 3 işgäri şehit boldy

Etrabyň başga bir ýerinde bolsa terrorçylaryň elde ýasan bombasynyň partlamagy netijesinde 1 esger şehit boldy, 3 esger ýaralandy.

Düýn agşam şeýle hem terrorçylaryň od açmagy netijesinde uly seržant çinli 1 esger şehit boldy.

Terrorçylaryň tapylmagy, duzaklanan partlaýjylaryň ýok edilmegi, gazylan çukurlaryň ýapylmagy, goýulan barrikadalaryň aýrylmagy üçin etrapda başladylan opersiýalar dowam edýär.

Hakkari we Diýarbakyr welaýatlarynda geçirilýän operasiýalarda hem köp mukdarda ýarag we ok-däri ele salyndy.

Adyýamandaky terror operasiýasynda göz tussaglygyna alynan 9 adamyň 6-sy tussag edildi.

Stambul şäheriniň Arnawutköý diýilen ýerinde ençeme öýe operasiýa guraldy.

Stambulyň Terrora garşy göreş bölüminiň işgärleri tarapyndan irden geçirilen operasiýalarda köp sanda adam göz tussaglygyna alyndy.

Ankara şäheriniň Polisiýa gullugynyň Halklaryň demokratik partiýasynyň welaýat merkezine garşy guran operasiýasynda terror guramasy PKK-nyň ýaşlar düzümi ÝDG-H-niň Ankara boýunça jögapkär ýolbaşçysy göz tussaglygyna alyndy.

Izmirde-de Nowruz baýramçylygyny bahana edip molotow bombasyny, feýrwerkleri we elde ýasalan partlaýjy maddalary ulanyp demonstrasiýa guramak üçin taýarlyk gören 19 adam göz tussaglygyna alyndy.

Diýarbakyr welaýatynda bolsa 179 kg neşe maddasy ele salyndy. Waka bilen baglanşykly göz tussaglygyna alynan 5 adamyň 3-si tussag edildi.

Beýleki tarapdan bolsa Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri “Indi doganlyk wagty" şygary bilen terrorda zyýan çeken adamlara kampaniýa başlatdy.

Ilkinji etapda ýygnanan 7 ýük ulagy ynsanperwer goldaw terrordan gaçyp Batman welaýatyna ýerleşen adamlara paýlanar.



Degişli Habarlar