Liderler Stambulda guralan hüjüme reaksiýa bildirýärler

Premýer ministr Ahmet Dawutogly kamikaze hüjümçisiniň Istiklal köçesindäki hüjümden soň çap eden ýüzlenmesinde hüjümde aralarynda daşary ýurtly raýatlaryň hem bolan asuda ilatyň nyşana alynandygyny belledi

454502
Liderler Stambulda guralan hüjüme reaksiýa bildirýärler

TBMM-niň başlygy Ismail Kahraman Stambul şäheriniň Beýogly etrabynda guralan hüjüm bilen baglanşykly çap eden ýüzlenmesinde arabozujylyk we dawa turuzmak, ýurduň durnuksyzlygyny bozmak, halka gorky, alada we howsala düşürmek, ýolbaşçylary tapawutly gün tertibe gönükdirmek, howpsyzlyk güýçlerini başarnyksyz diýip görkezip döwlete bolan ynamyny sarsmak islenýändigini mälim etdi.

Kahraman ýüzlenmesinde: “Taryhda bundan hem kyn günleri başyndan geçiren milletimiziň bu kynçylyklary hem gysga wagtda ýeňip geçjekdigine ynanýaryn. Hüjümde ýogalan raýatlarymyza Alladan rehnet, maşgalalaryna we eziz milletimize başynyň dik we sabyrly bolmagyny, ýaralananlara bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny dileýärin" diýdi.

Premýer ministr Ahmet Dawutogly kamikaze hüjümçisiniň Istiklal köçesindäki hüjüminden soň çap eden ýüzlenmesinde hüjümde aralarynda daşary ýurtly raýatlaryň hem bolan asuda ilatyň nyşana alynandygyny belledi.

Dawutogly tapawut goýmadan göniden-göni adamlary nyşana alyp hüjüm guranlary, olary guratdyrany we goldaýanlary näletleýändigini nygtady.

Bu waka sebäpli örän gynanýandyklaryny aýdan Dawutogly ýogalanlar üçin gynanç bildirdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny diledi.

Premýer ministr Ahmet Dawutogly her dürli terrorçylyga garşy şu günki güne çenli ýaly bundan soň hem tutanýerlilik bilen dowam etdiriljekdigine ünsi çekdi. Premýer ministr: “Ýurt bolup bu kyn zamanany biri-birimize sarylyp, bir bolup ýeňip geçeris" diýdi.

Wise-premýer we hökümediň metbugat geňeşçisi Numan Kurtulmuş terrora garşy göreşiň ahyryna çenli dowam etjekdigini mälim etdi.

Kurtulmuş Ordu welaýatynda beren beýanatynda Stambulyň Beýogly etrabynda guralan hüjümi ýazgaryp: “Olara bilkastdan terrora öwrenişmeris" diýdi.

Wise-premýer Ýalçyn Akdogan Beýoglundaky terrorçylykly hüjüm bilen baglanşykly: “Günäsiz adamlary gyrmak adamzada garşy söweş yglan etmekdir, terroryň ählisini näletleýärin" diýdi.

Wise-premýer Mehmet Şimşek Beýoglunyň Istiklal köçesindäki terrorçylykly hüjüm bilen baglanşykly: “Terroryň maksady Türkiýäniň durnuklylygyny bozmak we Türkiýäniň öz içine ýapylmagyny üpjün edip, töwereginde bolup geçýänlere garşy hereketiniň öňüni almakdyr" diýdi.

Beýleki tarapdan bolsa Prezident R.T. Erdogan Premýer ministr Ahmet Dawutoglyndan hyýanatçylykly hüjüm bilen baglanşykly maglumat aldy.

Respublikan halk partiýasynyň başlygy Kemal Kylyçdarogly: “Terror kimden gelse gelsin, nireden gelse gelsin näletlemek ählimiziň wezipämizdir" diýdi.

Milletçi hereket partiýasynyň başlygy Dewlet Bahçeli: “MHP terrora we terrora garşy göreşde millet bilen bilelikde döwlediň ýanyndadyr" diýdi.

Halklaryň demokratik partiýasyndan Istiklal köçesinde guralan hüjüm bilen baglanşykly ýüzlenme çap edildi. Ýüzlenmede terror näletlenip: “Asuda ilatymyzyň bolýan ýerinde, her gün we her sagat adamlaryň işine gidýän ýerinde, söwda edýän etrapçasynda bu hüjümiň kim tarapyndan guralan bolsa bolsun hiç wagt kabul edilmez, geçirimlik edilmez" diýilýär.

Türkiýäniň 11-nji Prezidenti Abdullah Gül hem Stambuldaky hüjüm bilen baglanyşkly özüniň Twitter hasabyndan: “Dolulygyna asuda ilatyň nyşana alynan terrorçylykly hüjümi berk näletleýärin" diýdi.



Degişli Habarlar