Ankaradaky hüjüm bilen baglanşykly 5 adam tussag edildi

Ankaradaky terrorçylykly hüjüm bilen baglanyşykly göz tussaglygyna alynan we Jenaýat kazyýetine ugradylan 6 adamyň 5-si tussag edildi

453800
Ankaradaky hüjüm bilen baglanşykly 5 adam tussag edildi

Şübhelenilýänleriň 4-si bolsa kazyýet gözegçilik şerti bilen boşaldyldy.

Ankaranyň merkezindäki Kyzylaý meýdançasynda geçen hepdäniň ýekşenbe güni guralan bombaly hüjüm bilen baglanşykly tussag edilen 9 adam derňew işini alyp barýan Konstitutsiýon düzgüne garşy edilen jenaýatlar derňew býurosyndaky Respublikan prokurorlaryna düşündiriş berdiler.

Prokurorlar şübhelenilýänleriň 5-sini “Döwletiň birligini we ýurduň bütewligini bozmak", “Bilip adam öldürmek" we “Bilip adam öldürmäge synanyşmak" jenaýatlary bilen aýyplap Jenaýat kazyýetine ugratdylar.

Nobatçy Ankara 6-njy Jenaýat kazyýetine ugradylan şübhelenilýänleriň tussag edilmeklerine karar berildi.



Degişli Habarlar