Erdogan Belgiýanyň hökümetine nägilelik bildirdi

Erdogan terrora garşy dogruçyl we akýürekli bolmazlygyň, terrora boýun bolmak manysyny aňladýandygyna ünsleri çekdi

453261
Erdogan Belgiýanyň hökümetine nägilelik bildirdi

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan terror guramasy PKK-nyň Ýewropa geňeşiniň binasynyň golaýynda çadyr gurmagyna rugsat beren Belgiýanyň hökümetine garşy reaksiýa bildirip: “Gol astyňyzda ýylany ýetişdirýärsiňiz" diýdi.

Çanakgala ýeňişiniň 101-nji ýyllygy mynasybetli guralan dabarada çykyş eden Prezident Erdogan Belgiýa başda bolmak bilen Günbatar ýurtlarynyň terror meselesinde dogruçyl we akýürekli bolmalydygyny belledi.

“Terror guramasynyň esgileriniň parlamagyna rugsat berenler minaly meýdanda tans edýär" diýen Prezident Erdogan “Bu mina haçan basyljakdygy belli bolmasada, şol ýagdaý üýtgemejek hakykatdyr" diýip nygtady.

Hiç kimiň ýanynda aldadyp boljak türk döwletiniň ýa-da milletiniň ýokdygyny aýdan Erdogan: “Gol astyňyzda ýylany ýetişdirýärsiňiz. Ol ýylan sizi hem çakyp biler. Öz döwletiňizi nyşana alynan wagty rugsat bermejek hereketleri Türkiýä garşy bolanda goldaw bermekden ýüz öwürüň" diýdi.

Erdogan terrora garşy dogruçyl we akýürekli bolmazlygyň, terrora boýun bolmak manysyny aňladýandygyna ünsleri çekdi.



Degişli Habarlar