“Türkiýe teklibini ahlak jogapkärçiligine laýyklykda taýarlady”

Premýer ministr Ahmet Dawutogly Türkiýäniň bosgunlar meselesi boýunça ÝB-niň Brýusselde guralan maslahatyna hödürlän teklibiniň ahlak jogapkärçiligine laýyklykda taýarlanandygyny aýtdy

451630
“Türkiýe teklibini ahlak jogapkärçiligine laýyklykda taýarlady”

Çankaýa köşkünde ÝB Geneşiniň başlygy Donald Tusk bilen bilelikde metbugata beýanat beren Premýer ministr Dawutogly: “Bu teklibiň özenini ynsanperwerlik emele getirýär. Egeý deňizinde mundan artyk adam pidalarynyň çekilmezligi we mümkin gadar legal däl geçişleriniň azaldylmagy, eger mümkin bolsa dolulygyna ortadan aýrylmagy üçin Türkiýe öz üstüne düşýän ahlak borçlarynyň çäginde teklip hödürledi" diýdi.

Premýer ministr Türkiýäniň hiç haçan pul söwdasyny etmändigini nygtady. Ankaranyň pozisiýasynyň açykdygyny nygtan Dawutogly: “Üç milliard ýewro hökmünde yglan edilen, soňradan üç ýyl üçin 6 milliard ýewro ýetirilmegi meýilleşdirilen bu meseleleri hem maslahatda garaljak maddi çykdajylaryň bölüşilmegi barasynda-da Türkiýäniň eýeleýän pozisiýasy açyk. Biz hiç haçan pul söwdasyny etmedik. Bu meseläni maddi mesele hökmünde görmedik. Bu mesele gumanitar meseledir" diýdi.

Türkiýä gelen her bir bosgun üçin, ýaňy giden, bikanun ýollardan gitmäge synanşan bosgunlaryn her biri üçin Türkiýeden bir bosgunyň Ýeworpa gitmegi, şeýlelikde yzgiderli göçüşligiň ýolunyň açylmagy barada işlenýändigini nygtan Dawutogly: Şonuň tehniki taýdan birnäçe ugurda iş alynyp barylmaly. Degişli toparlar işleýär. Şol sanda Türkiýe-ÝB gatnaşyklarynyň giňeldilmegi üçin, esasanda wiza ýeňilliginin iýun aýynda başlamagy üçin bilelelikde işleşmek barada ylalaşypdyk. Çünki Bosgunlaryň yzyna kabul edilmegi baradaky ylalaşyk bilen birlikde wiza ýeňilliginiň başlamagyny isleýäris" diýdi.

Soňky döwürde başdan geçirilýän terrorçylykly hüjümler barada-da durup geçen Ahmet Dawutogly, terroryň bütin adamzat üçin iň uly howpdygyny nygtady. Terroryň hem Ýewropa hem-de sebitiň halklary üçin gumanitar jenaýat bolmak bilen birlkde düýpli meselä öwrülendigini aýdan Dawutogly: “Ankarada soňky 5 aýda guralan hüjümler aslyna seredilende terroryň millet, etniki gelip çykyş, sosial gatlak, syýasy garaýyş tapawudy goýmazdan ähli adamlary nyşana alýandygyny görkezdi. Terror hüjümleri gönüden adamzada we adamzada wekilçilik edýän ähli gymmatlyklara gönükýär" diýip nygtady.

ÝB Geňeşiniň başlygy Donald Tusk bolsa ýekşenbe güni Ankarada guralan terror hüjümini ýazgaryp: “Terrorizmi täze adaty durmuş hökmünde kabul edip bilmeris. Näçe köp bolsa bolsun, oňa haýsydyr bir görnüşde öwrenişmeris we elmydama göreşimizi dowam etdireris" diýdi.

Tusk terrorimze garşy göreşde elmydama Türkiýe bilen egin-egine boljakdyklaryny nygtady.



Degişli Habarlar