Terror guramasyna agyr zarba

Operasiýalarda ýene-de 25 terrorçy öldürildi

446909
Terror guramasyna agyr zarba

Diýarbakyryň Sur etarbynda we Şyrnagyň Idil etrabynda dowam edýän operasiýalarda ýene-de 25 terrorçy öldürildi.

Baş ştab tarapyndan berilen beýanatda Sur etrabynda 6, Idil etrabynda bolsa 19 terrorçynyň öldürilendigi aýdylýar.

Operasiýalaryň çäginde jemi öldürilen terrorçylaryň sany Sur etrabynda 268-e, Idil etrabynda bolsa 94-e ýetdi.

Bingöliň Karlyowa etrabyndan, Diýarbakyryň Sur etrabyndan we Hakkariniň Ýüsekowa etrabyndan 16, Yragyň demirgazygyndan gaçan 5 terrorçy howpsyzlyk güýçlerine boýun egdi.

Beýanatda şeýle hem Siirt welaýatynyň Eruh etrabynda 5, Agry welaýatynyň Taşlyjaý etrabynda 3, Wan welaýatynyň Ipekýolu etrabynda hem 1 adamyň terror guramasyna goldaw berendigi üçin tussag edilendigi habar berildi.



Degişli Habarlar