Terrorçylyga garşy göreş dowam edýär

Diýarbakyr welaýatynyň Sur etrabynda terror guramasy PKK garşy guralan operasiýada 1 esger şehit boldy

446088
Terrorçylyga garşy göreş dowam edýär

Baş Ştabdan berilen beýanatda terror guramasyna agza terrorçylaryň ýaragly hüjümlerinde agyr ýaralanan esgeriň hassahanada şehit bolandygy habar berildi.

Howpsyzlyk güýçleriniň terror guramasyna garşy operasiýalary bolsa üznüksiz dowam edýär.

Stambulyň İçeri işler müdirligi ir ertir 4 etrapda geçiren operasiýasynda 4 adamy ele saldy.

Diýarbakyr welaýatynyň Sur etrabynda dowam edýän operasiýasynda 4, Şyrnak welaýatynyň İdil etrabynda bolsa 6 terrorçy ýok edildi.

Şeýlelikde ýok edilen terrorçylaryň sany Diýarbakyr welaýatynyň Sur etrabynda 264, Şyrnak welaýatynyň İdil etrabynda bolsa 75-e ýetdi.

Operasiýalaryň dowamynda köp mukdarda partlaýyjy ýok edildi.

Diýarbakyr welaýatynyň Silwan etrabynda içeri işler müdirliginiň topary terror guramasy PKK-nyň ýere gömen ok-därilerini ele saldy.



Degişli Habarlar