Premýer ministr Dawutogly Brýussele bardy

Dawutogly Angela Merkel we Mark Rutte bilen duşuşdy

445766
Premýer ministr Dawutogly Brýussele bardy


Türkiýe-ÝB maslahatyna gatnaşmak üçin düýn agşam Brýussele baran Premýer ministr Ahmet Dawutogly Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel we ÝB-niň döwürleýin ýolbaşçylygyny ýerine ýetirýän Gollandiýanyň Premýer ministri Mark Rutte bilen duşuşdy.

Dawutogly ilki Türkiýäniň ÝB-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynda Merkel we Rutte bilen özara duşuşyk geçirdi. Üç lider soň bolsa toparara gepleşiklere ýolbaşçylyk etdi.

Türkiýäniň ÝB-niň ýanyndaky hemişelik wekilnasy ilkinji gezek ÝB-niň döwürleýin ýolbaşçynyň we premýer ministrleriň gatnaşmagyndaky duşuşyga ýer eýeçiligini etdi.

Metbugata ýapyk ýagdaýda geçen duşuşyklar 5 sagat 45 minut dowam etdi.

Duşuşyklarda Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalar, bosgun meselesi we Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk etaby bilen birlikde sebitara we halkara meseleler seljerildi.



Degişli Habarlar