“Sebitiň ykbalyny sebitiň daşyndaky aktýorlara bermeli däldiris”

Premýer ministri Ahmet Dawutogly Eýranda: “Sebitiň ykbalyny sebitiň daşyndaky aktýorlara bermeli däldiris" diýdi

445275
“Sebitiň ykbalyny sebitiň daşyndaky aktýorlara bermeli däldiris”

Türkiýäniň Premýer ministri Ahmet Dawutogly Eýran saparynda iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklar bilen birlikde Siriýadaky we sebitdäki soňky wakalar barada pikir alyşdy.

Ahmet Dawutogly Eýranyň Wise-prezidenti Ishak Jihangiri bilen geçiren metbugat işgärleriniň ýygnagynda Türkiýe bilen Eýranyň bilelikde iş salyşmagy sebit üçin bähbitli boljakdygyny nygtady.

Eýran saparynyň täze döwrüň başlangyjydygyny aýdan Dawutogly: “Garaýyşlarymyzda üýtgeşiklikler, tapawutly kanagatlarymyz bolup biler, emma sebitimiziň ykbalyny sebitiň daşyndaky aktýorlara bermeli däldiris. Sebitde ebedi durnuklyylygyň, parahatçylygyň, asudalygyň bolmagy üçin Türkiýe bilen Eýranyň arasyndaky gatnaşyklaryň wajypdygyny her kim bilýär. Ýene bir gezek aýdýaryn. Kyn günlerinde biz Eýran bilen biledik, öňümizdäki günlerde hem bilelikde hyzmatdaşlyk etmegimiz hem iki ýurduň hem-de sebitiň bähbidi üçin gowy bolar"diýdi.

Jihangiri bolsa Dawutoglynyň saparynyň iki ýurduň arasynda özgeriş pursadydygyny belledi.

Premýer ministr Dawutogly Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani bilen hem duşuşdy.

Dawutoglynyň Eýranyň dini lideri Ali Hamaneý bilen hem duşuşmagy meýilleşdirilýärdi.

Emma duşuşyk Hamaneýiň uýasynyň ýanýoldaşynyň ýogalmagy sebäpli bolmady.

Premýer ministr Ahmet Dawutogly soň bolsa türk we eýranly işewür adamlaryny jemlän Işewürler formuna gatnaşdy.

Ahmet Dawutoglynyň saparyna käbir ministrler we 30-a golaý işewür adam ýoldaşlyk etdi.



Degişli Habarlar