"Ruslaryň asuda ilaty garşy guraýan hüjümleri bes edilmeli"

Soňky döwürde ruslaryň Siriýada asuda ilaty bombalamagy sebäpli köp sanly adamyň öýlerini terk edip ýollara rowana bolandygyna ünsi çeken Oktaý “asuda ilatyň goralmagy üçin serhediň Siriýa tarapynda howpsyz zolak döredilmeli" diýdi

445023
"Ruslaryň asuda ilaty garşy guraýan hüjümleri bes edilmeli"

Premýer ministrligiň ýanyndaky Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasynyň başlygy Fuat Oktaý Siriýalylara ähli taraplaýyn kömek bermäge çalyşýandyklaryny emma her bir ýurduň mümkinçiliginiň çäklidigini aýtdy.

Premýer ministrligiň ýanyndaky tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasynyň başlygy Fuat Oktaý merkezi ABŞ-nyň paýtagty Waşingtonda ýerleýän “Turkish Heritage" atly jemgyýetçilik guramasynyň Bosgun krizisi atly maslahatyna wideoşekilli gatnaşdy.

Siriýaly ilkinji bosgunlaryň 2011-nji ýylyň aprel aýynda Türkiýä gelendigini ýatladan Oktaý; “Şu günki günde 26 bosgun düşelgesinde 300 müňden gowrak adamyň ähli taraplaýyn kömek berýäris. Türkiýede ýaşaýan 2 million 750 müň siriýaly bosgun bar. Olaryň esasy bölegi şäherlerde ýaşaýar" diýdi.

Käbir şäherlerde 450 müňden gowrak siriýaly bosgunyň bardygyny aýdan Oktaý “Uly kynçylygy başdan geçirýäris. Ellimizden geldigiçe bosgunlara ähli tarapalýyn kömek berýäris. Emma her ýurduň mümkinçiligi çäkli" diýip belledi.

Soňky döwürde ruslaryň Siriýada asuda ilaty bombalamagy sebäpli köp sanly adamyň öýlerini terk edip ýollara rowana bolandygyna ünsi çeken Oktaý “asuda ilatyň goralmagy üçin serhediň Siriýa tarapynda howpsyz zolak döredilmeli" diýdi.

“Bular diňe Türkiýäniň däl eýsem goňşy ýurtlaryň we dünýäniň meselesi diýen Premýer ministrligiň ýanyndaky tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasynyň başlygy Fuat Oktaý, ruslaryň asuda ilaty garşy guraýan hüjümleriniň bes edilmegi çagyryşyny berdi.



Degişli Habarlar