Erdogan Günbatar Afrika saparynyň soňky duralgasy Gwineýada

Iki ýurduň arasynda goranmak, ykdysadyýet, saglygy goraýyş ýaly ugurlar boýunça 9 şertnama gol çekişildi

444293
Erdogan Günbatar Afrika saparynyň soňky duralgasy Gwineýada

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan Türkiýäniň Gwineýa taryhyň barşynda gelen kolonizator ýurtlar ýaly däl, eýsem doganlyk ýurt hökmünde gelmek isleýändigini habar berdi.

Iki ýurduň arasynda goranmak, ykdysadyýet, saglygy goraýyş ýaly ugurlar boýunça 9 şertnama gol çekişildi.

Gwineýanyň döwlet ýolbaşçysy Alfa Kondi bilen bilelikde geçiren metbugat ýygnagynda söz sözlän Erdogan: “Gwineýany dostluk ýurt ýaly däl, doganlyk ýurt ýaly görýärin" diýdi we Türk howa ýollarynyň iýun aýynyň başynda Gwineýa uçar saparlaryny başlatjakdygyny mälim etdi.

Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar barada durup geçen Erdogan Gwineýanyň ýerasty we ýerüsti baýlyklaryna eýedigini belläp, 69 million dollarlyk söwda kuwwadyny ilkinji etapda 250 million dollara, ondan soň bolsa 500 million dollara çenli ýetirmek maksat edýändiklerini habar berdi.

Gwineýanyň döwlet ýolbaşçysy Alfa Kondi guralan sapara hoşallyk bildirip: “Hormatly Prezident diňe Prezident hökmünde däl, bir musulman doganymyz hökmünde geldi. Sapary gwineýalylar üçin uly sapak, öwrenmeli köp zadymyz bar" diýdi.

Kondini doglan güni bilen gutlan Erdogan Stambul häkimliginiň paýtagt Konakra 50 sany awtobus berjekdigini belledi.

Kondi Prezident R.T. Erdoganyň bu sowgadyna bolan şatlygyny gujaklap görkezdi.

Erdogan Gwineýa saparyndan soň Türkiýä gaýdyp geldi.



Degişli Habarlar