Erdogan Nigeriýa bardy

Erdogan “terroryň din bilen baglanyşdyrylmagy diňe terrorçylaryň işine ýarar"

443295
Erdogan Nigeriýa bardy


Prezident R. T. Erdogan Günbatar Afrika ýurtlaryna guraýan saparynyň ikinji duralgasy Ganadaky saparyny tamamlap Nigerýanyň paýtagty Abuja bardy.

Prezident Erdogany howa menzilinde Nigerýanyň daşary işlerden jogapkär Döwlet ministri Khadiža Bukar Abba İbrahim bilen paýtagtdan jogapkär Federal ministr Musa Bello garşylady.

Prezident Erdogan üçin Nigerýanyň Prezident köşgünde resmi garşylama dabarasy guraldy.

Prezident Erdogan Nigerýanyň Prezidenti Muhammed Buhari bilen özara we toparara gepleşiklerden soň metbugata beýanat berdi.

Prezident Erdogan “terroryň din bilen baglanyşdyrylmagy diňe terrorçylaryň işine ýarar" diýdi.

Prezident Erdogan Nigerýa bilen beýleki ugurlarda bolşy ýaly terrora garşy göreşde hem ýakyndan hyzmatdaşlyk etjekdiklerini aýtdy.

Prezident Erdogan Nigerýadan soň saparynyň soňky duralgasy Gwineýa barar.

Prezident R. T. Erdoganyň saparyna aýaly Emine Erdogan, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Daşky gurşaw we tokaýçylyk ministri Fatma Güldemet Sary, Ykdysadyýet ministri Mustafa Elitaş, Energetika we tebigy serişdeler ministri Berat Albaýrak bilen birlikde Milli goranmak ministri Ismet Ýylmaz ýoldaşlyk edýär.



Degişli Habarlar