Bilgiç Lawrowyň beýanatyna reaksiýa bildirdi

Türkiýe Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň Türkiýäniň serhedinden Siriýa ýarag girizildi diýen beýanatyna berk reaksiýa bildirdi

443245
Bilgiç Lawrowyň beýanatyna reaksiýa bildirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Tanžu Bilgiç geçiren metbugat ýygnagynda Lawrowyň sözleriniň ýurdunyň Siriýada edýän jenaýatlarynyň üstüni örtmäge synanyşmagynyň netijesidigini mälim etdi.

Lawrowyň Türkiýäniň serhedinden Siriýa gumanitar goldaw kerweni bilen ýarag iberilendigi barada aýdan sözlerine Tanžu Bilgiç: “Ol aýdylanlaryň aňyrsynda maksat bar, ähmiýet beriljek beýanat däldigini pikir edýäris. Russiýanyň adam hukuklary babatynda hemmä mälim bolan resminamalary bar. Ol sözler Siriýada ruslar tarapyndan edilýän jenaýatlaryň üstüni ýapmak üçin edilýän tagalladyr" diýip garşylyk görkezdi.

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Tanžu Bilgiç Siriýada çaknyşyklaryň dowam eden halatynda Ženewa gepleşikleriniň başlanmagynyň öňündäki päsgelçilikdigini belledi.

9-njy martda Ženewada Siriýa parahatçylyk gepleşikleriniň başlanmagy üçin bu ýurtda çaknyşyklaryň bes edilmelidigini nygtan Bilgiç: “Çaknyşyklar bes edilmese, Siriýanyň hökümeti we Russiýanyň goşuny hüjümlerini dowam etse, gepleşikleriň başlanmagy üçin päsgelçilik döredip biler. Biz oňa alada bildirýäris" diýdi.



Degişli Habarlar