“ÝPG-ny aklamak üçin tagalla edýärler"

“Türkiýe asla şol oýunlara boýun egmez"

437916
“ÝPG-ny aklamak üçin tagalla edýärler"

Premýer ministr Ahmet Dawutogly Ankarada 29 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan hüjümiň jogapkärçiligini, terror guramasy ÝPG-ny aklap Günbatardan alýan ýarag kömegini dowam etdirmegi üçin TAK-yň öz üstüne alandygyny aýtdy.

“ÝPG-ny aklamak üçin tagalla edýärler. Emma biziň delilnamalarymyz bar. Onsuz hem olar ogry ýaly ýygy-ýygydan atlaryny üýtgedýärler. TJK-si, PKK-sy, PÝD-si we TAK-y hemmesi terror guramasydyr. Eýeleri hem, gurjaklary hem birdir. Şol gurama goldaw berýän ýurtlar iki ýüzli çemeleşmeli däl" diýdi.

Premýer ministr Dawutogly partiýasynyň mejlis toparynda eden çykyşynda Türkiýede haos şertiniň emele getirilmek isleýändigini belledi.

Ahmet Dawutogly “Türkiýe asla şol oýunlara boýun egmez, hukuk kadalarynyň çäginde şolaryň her birinden hasap sorar" diýdi.



Degişli Habarlar