Italiýanyň Daşary işler ministri Ankarada saparda bolýar

Çawuşogly resmi sapar bilen Ankara gelen Italiýaly kärdeşi bilen agşam naharynda duşuşdy

436919
Italiýanyň Daşary işler ministri Ankarada saparda bolýar

Italiýanyň Daşary işler we Halkara hyzmatdaşlyk ministri Paolo Gentiloni Ankarada saparda bolýar.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly resmi sapar bilen Ankara gelen Italiýaly kärdeşi bilen agşam naharynda duşuşdy.

Duşuşykda Siriýanyň, Yragyň we Liwiýanyň başda durmagynda sebitara meseleler bilen birlikde terror guramasy DAEŞ-e garşy göreş meselesi seljerildi.

Iki kärdeş şeýle hem Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk etaby, Kipr gepleşikleri we iki ýurduň arasyndaky energetika hyzmatdaşlygy hakynda pikir alyşdy.

Italiýanyň Daşary işler we Halkara hyzmatdaşlyk ministri Paolo Gentiloni iki günlük resmi saparynyň çäginde Prezident Erdogan we Premýer ministr Ahmet Dawutogly tarapyndan kabul ediler.



Degişli Habarlar