Ankaradaky hüjüm bilen baglanşykly 22 adam tussag edildi

28 adamyň ýogalmagyna we 60-dan gowrak adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan Ankaradaky hüjüm bilen baglanşykly başladylan derňew işi giň-gerimli dowam edýär

436535
Ankaradaky hüjüm bilen baglanşykly 22 adam tussag edildi

Aralarynda Ankara, Adana we Diýarbakyr ýaly welaýatlar hem bolan 8 welaýatda dowam edýän opersiýalara ýene-de 2 welaýat goşuldy. Täze salgylar Sakarýa we Düzje boldy.

Tussag edilen adamlaryň sany artdy.

Premýer ministr Ahmet Dawutogly göz tusaglygyna alynan adamlaryň sanynyň 22-ä ýetendigini mälim etdi.

Hyýanatçylykly hüjüm bilen baglanşykly ýurduň Razwedka gullugy, Içer işler müdüligi, Žandarma we Prokuratura özara sazlaşykly işleýärler.

Tussag edilenleriň Ankara ugradylmagy meýilleşdirilýär.



Degişli Habarlar