Türk artilleriýalary PÝD-nyň nyşanalaryny bombalaýar
Kilis serhedinde berk howpsyzlyk çäreleri görüldi
Kilis serhedine ornaşdyrlan Türkiýäniň ýaragly güýçleriniň artilleriýalary terror guramasy PÝD-niň Siriýadaky nyşanalaryny bombalamaga başlady.
Türk artilleriýalary hepdäniň ahyryndan bäri PÝD-nyň nyşanalaryny bombalaýar.
Türk esgerleri tarapyndan şu gün irden hem PÝD-niň nyşanalaryna ot açyldy.
Kilisiň Akçabaglar obasynyň golaýyna ornaşan türk esgerleri şu gün irden sagat 10-da operasiýa başlatdy.
Kilis serhedinde hem berk howpsyzlyk çäreleri görüldi.
Siriýanyň Halap şäheriniň Azez etrabynyň golaýyndaky Minnig howa menziliniň we töwerekleriniň gözegçiligini ele geçiren terror guramasy PÝD-niň şenbe güni Türkiýe tarapyna ot açmagy sebäpli türk esgerleri hem operasiýa başlatdy.
Degişli Habarlar
Eýranyň Prezidentiniň Ýogalmagy Sebäpli 1 Günlük Milli Ýas Yglan Edildi
Prezident Erdogan, Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň metbugata beýannama berdi.