“PÝD terrorçylary resmi Moskwanyň hakynatutma esgerleri”

Premýer ministr Ahmet Dawutogly terror guramasy PÝD-niň terrorçylarynyň resmi Moskwanyň hakynatutma esgerleri bolandygyny aýtdy

433763
“PÝD terrorçylary resmi Moskwanyň hakynatutma esgerleri”

Türkiýäniň Siriýanyň Azas etrabyna guraýan hüjümleriniň öňüni alyp, olara garşylyk görkezjekdigini aýdan Premýer ministr, Türk ýaragly güýçleriniň operasiýasyndan soň terror guramasy ÝPG-niň öňüniň kesilendigini mälim etdi.

Premýer ministr Dawutogly Adalat we ösüş partiýasynyň Mejlis toparynyň ýygnagynda sözlän sözünde Siriýadaky uruş howpynyň jogapkärçiliginiň Türkiýede däldigini nygtady.

Premýer ministr: “Halapda asuda ilata guralýan bombardymany ýazgarýarys diýýärler. Bombardymany kim gurady, aç-açan aýdyn. Biz aç-açan aýdýarys. Pespäl rus uçarlary gurady. ÝPG-ä degişli güýçler şondan soň herekede geçen halatynda biz hem berk çare göreris. Hakyky urşy görmedikler Türkiýe urşa başlaýar diýip, hyýaly ssenari ýazýarlar. Siriýada uruş howpy bar bolsa, onuň sebäpkäri asla Türkiýe bolmaz" diýdi.

Terror guramasy DAEŞ-i bahana edip, sebitde bilkastlaýyn gyrgynçylyk edilýändigini aýdan Dawutogly: “ÝPG-PÝD Russiýanyň sebitleýin meýilnamalarynyň rysarlary we hakynatutma esgerleridir. Kürtleriň Siriýadaky wekili däl. Halapda we Siriýada diňe hökümetiň tarapdarlarynyň galmagy, başgalarynyň sürgüne ugradylmagy maksat edinilýär. Ol Russiýanyň Çeçenistanda alyp baran strategiýa meňzeýär" diýdi.


Degişli Habarlar