Terrorçylyga garşy göreş dowam edýär

Mardin welaýatynyň Nusaýbin etrabynda terrorçylar howpsyzlyk güýçlerine od açdy

432589
Terrorçylyga garşy göreş dowam edýär

Howpsyzlyk güýçleri bilen terrorçylaryň arasynda bolan çaknyşykda 12 ýaşly bir çaga ýogaldy

Etrapda esgerleri we polis gullukçylaryny alyp barýan ulaglara-da ýaragly hüjüm guraldy.

Howpsyzlyk güýçleriniň hüjüme garşylyk görkezmegi sebäpli çaknyşyk boldy.

Çaknyşykda nireden we kim tarapyndan atylandygy anyklanyp bilinmedik gülle iki adamy ýaralady.

Nusaýbin döwlet hassahanasyna alynyp getirilen 12 ýaşly bir çaga bolsa ýogaldy.

Terrorçylar etrapda başlangyç we orta mekdepleri oda berdiler. Ýangyn söndürlip bilinmedi. Gelen ýangyn söndürijiler çukurlar we barrikadalar sebäpli köçä girip bilmedi.

Terrorçylar ýangyn söndürijilere hem od açdylar.

Ýangyn söndürijiler ýangyny öçürmän yzyna dolanmaly obldy.

Hataý welaýatynda-da adam söwdasyny edýänleri saklamaga synanşan bir esger şehit boldy.

Ýaýladagy etrabynyň Güweççi etrapçasynyň golaýynda Siriýa serhedinden geçmäge synanşan jenaýatlar esgerler tarapyndan saklanmak islendi.

Jenaýatçylar tarapyndan boýny kesilip ýaralanan bir esger halas edilip bilinmedi.

Stambulyň käbir etraplarynda-da guralan käbir bikanun ýörişlere polis çäre gördi.

Şüpheliler bilen birlikde köp sanly ýarag we ok-däri ele salyndy.

Sultangazi etrabynda guralan bikanun ýörişde od açylmagy netijesinde bir polis gullukçysy ýeňil ýaralandy.



Degişli Habarlar