Dawutogly Merkel bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Telefon söhbetdeşliginde Siriýa serhedinde başdan geçirilýän soňky wakalar seljerildi.

432586
Dawutogly Merkel bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi


Premýer ministr Ahmet Dawutogly düýn Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Telefon söhbetdeşliginde Siriýa serhedinde başdan geçirilýän soňky wakalar seljerildi.

Premýer ministr Dawutogly telefon söhbetdeşliginde terror guramasy PKK-niň Siriýadaky bölümi PÝD/ÝPG-niň Azzaz we Tel Ryfat etraplaryna hüjüm edendigini we hüjümler sebäpli emele gelen goç tolkunynyň diňe Türkiýäni däl eýsem şol bir wagtda ÝB-ni hem nyşana alýandygyny aýtdy.

PÝD-niň hüjümlerine Türkiýäniň asla rugsat bermejekdigini aýdan Dawutogly “Howpsyzlyk güýçlerimiz PÝ/ÝPG-ä garşy göreşmäge dowam eder" diýdi.

Ahmet Dawutogly bilen Germaniýanyň Federal Kansleri telefon söhbetdeşliginde şeýle hem Türkiýe bilen Germaniýanyň arasyndaky iki taraply we ÝB derejesindäki köp taraply hyzmatdaşlyk bilen birlikde bikanun göç edilşige garşy göreş hakynda hem pikir alyşdy.



Degişli Habarlar