Kurtulmuş PKK-niň ýok ediljekdigini aýtdy

“Türkiýäniň güýçlenmegini islemeýärler" diýen Numan Kurtulmuş, dünýä howp salýan göç meselesine hem ünsi çekdi.

431905
Kurtulmuş PKK-niň  ýok ediljekdigini aýtdy

Wise-premýer Numan Kurtulmuş PKK-niň bir gün ýok ediljekdigini aýtdy.

Ankarada Jihannüma jemgyýetiniň agzalary bilen duşuşan Wise-premýer Kurtulmuşiň gün tertibinde Türkiýäniň Gündogar we Günorta-gündogar welaýatlarynda başdan geçirilýän terrorçylykly hüjümler esasy orun eýeledi.

Terror guramasy PKK-ny berk tankyt eden Numan Kurtulmuş “Bu ýurt bir wagtlar terror guramasy ASALA garşy göreşdi we ASALA-ny ýok etdi. PKK-ny hem şübhesiz bir gün ýok ederis. DAEŞ-iň hem möwriti geçer, emma terror asla gutarmaz"diýip belledi.

“Türkiýäniň güýçlenmegini islemeýärler" diýen Numan Kurtulmuş, dünýä howp salýan göç meselesine hem ünsi çekdi.

Günbatar ýurtlaryny tankyt eden Wise-premýer Kurtulmuş bosgun meselesiniň adalatly çemeleşilen halatynda çözülip bilinjekdigini belledi.



Degişli Habarlar