Bosgun krizisiniň çözülmegi üçin ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmeli

“Türkiýe açyk gapylar syýasatyny dowam etdirer"

432000
Bosgun krizisiniň  çözülmegi üçin  ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmeli

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bosgun krizisiniň global meseledigini we meseläniň çözülmegi üçin ýurtlaryň ýakyndan hyzmatdaşlyk etmelidigini aýtdy.

Çawuşogly Mýunhende geçirlen panelde eden çykyşynda NATO-nyň Egeý deňzinde bosgunlaryň gark bolmagynyň öňüni almak üçin goşjak goşandygynyň diýseň möhümdigini belledi we bu meselede Türkiýäniň Germaniýa we Gresiýa bilen hyzmatdaşlyk etjekdigini nygtady.

Mewlüt Çawuşogly Türkiýäniň 2,5 milliona golaý Siriýaly we 200 müň Yrakly bilen birlikde soňky günlerde ýene-de 10 müň adamy kabul edendigini ýatlatdy.

Türkiýäniň siriýalylara iş rugsadyny berendigini aýdan Çawuşogly “Türkiýe açyk gapylar syýasatyny dowam etdirer" diýdi.

Emma muňa garamazdan Türkiýäniň ýene-de 2-3 million bosguny kabul edip bilmejekdigine ünsi çeken Çawuşogly, rus harby uçarlarynyň hüjümleri sebäpli Türkiýä gelýän siriýalylaryň sanynyň köpelendigini aýratyn belledi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Russiýanyň Siriýada asuda ilaty, mekdepleri we keselhanalary nyşana alýandygyny gürrüň berdi.

Çawuşogly bosgun krizisiniň çözülmegi üçin ÝB-niň hem jogapkärçilikli hereket etmelidigine ünsi çekdi.



Degişli Habarlar