Serhetaşa operasiýada terror guramasyna agyr zarba uruldy

Bu barasynda Türk ýaragly güýçleri habar berdi

428217
Serhetaşa operasiýada terror guramasyna agyr zarba uruldy

Terrrorçylyga garşy dowam edýän göreşiň çäginde 4-nji fewralda guralan serhetaşa howa operasiýasynda Yragyň demirgazygynda Gara we Hakruk etraplarynda terror guramasyna degişli ok-däri we ýangyç ammarlary ýok edildi.

Terrorçylyga garşy göreş operasiýasynyň çäginde 4-nji fewralda Gara we Hakruk etraplaryna howa operasiýasyny guraldy.

Köp sanly F-4E 2020 we F-16 uçary bilen guralan serhetaraş opersaiýasyna howadan maglumat gözegçilik uçary, howadan ýangyç üpjün ediji uçary we uçarmansyz howa ulaglary hem goldaw berdi.

Operasiýanyň dowamynda terror guramasyna degişlidigi anyklanan ýerler hatardan çykaryldy.

Howpsyzlyk çeşmelerinden alynan maglumatlara laýyklykda geçirilen operasiýanyň wideo ýazgylary halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirildi.

Uçarmansyz howa ulaglary tarapyndan ýazga geçirilen widep şekillerde Türk ýaragly güýçlerine degişli uçarlaryň Gara lageriniň ýerleşýän zolagynda anyklanan terror guramasyna degişli ok-ýarag ammaryny, Hakruk etrabynda bolsa ýangyç ammaryny ýok edýändigi görülýär.


Degişli Habarlar