“Rissiýa Siriýada öldüren adamlarynyň hasabyny bermeli”

İbrahim Kalyn gün Siriýa meselesi barada beýanat berdi

428162
“Rissiýa Siriýada öldüren adamlarynyň hasabyny bermeli”

Prezident Diwanynyň metbugat geňeşçisi İbrahim Kalyn Russiýanyň Türkiýe barada asly bolmadyk we gülkünç habarlary öňe sürmegiň deregine Siriýada öldüren bigünä adamlarynyň hasabyny bermelidigini aýtdy.

Kalyn beren beýanatynda 2015-nji ýylyň 24-nji noýabrynda türk howa giňişligini bozan rus harby uçarynyň harby düzgünlere laýyklykda urlup düşürilmeginden soň başdan geçirilenleriň Russiýa Federasiýasynyň meseläni diplomatik ýollardan çözmegiň ýerine dartgynlygy möwjetme strategiýasyny durmuşa geçirýändigini görkezýändigini aýtdy.

Kalyn emma muňa garamazdan Türkiýäniň meseläniň gepleşikler we dialog arkaly çözülmegi üçin tagalla edendigini nygtady.

Rus tarapynyň jogabynyň “ýalan, propoganda we esassyz günäkärlemeler" bolandygyny aýdan Kalyn, şol çemeleşmäniň bir döwlete gelişmeýändigini beýan etdi.

Putiniň NATO we hyzmatdaşlaryna telefon edip, Türkiýe tarapyndan telefon edilmändigini aýtmagynyň düşnüksizdigini nygtan İbrahim Kalyn: “Hem “telefon edilmedi" diýip närazylyk görkezmek, hem-de telefon edilende telefonlara jogap bermezlik düşünmesi kyn ýagdaý. Biz bu mesele boýunça ýagşy niýetimizi we oňyn çemeleşmämizi dowam etdirýäris" diýdi.

Beýleki tarapdan BMG-niň Ženewadaky gepleşikleriniň kynçylykly başlandygyny we düýn 25-nji fewrala süýşürilendigini ýatladan Kalyn, onuň esasy sebäbiniň 30-njy sentýabrdan bäri dowam edýän rus howa hüjümleri bilen goldanýan operasiýalardygyna ünsi çekdi.

Russiýanyň Siriýadaky hüjümleriniň 90 göteriminiň asuda ilaty we parasatly oppozisionerleri nyşana alýandygyny ýatladan İbrahim Kalyn: “Şol hüjümler Ženewadaky gepleşikleriň esasyny emele getirýän BMG-niň 2254 belgili taslamasynyň düzgünleri bap gelmeýar we netijede gepleşikleriň çykgynsyzlaşmagyna sebäp boldy. Russiýa Türkiýe barada esassyz we gülkünç jedelleri öňe sürmegiň ýerine Siriýada öldüren bigünä adamlarynyň hasabyny bermeli" diýdi.

Üstümizdäki hepde Ženewadaky gepleşikler dowam edýärkä Halaba guralan hüjümler sebäpli onlarça adamyň ýogalandygyny, müňlerçe adamyň Türkiýä sygynmak üçin ýola düşendigini aýdan Kalyn, Siriýada DAEŞ bilen göreşýändigini aýdýanlar aslyna seredilende gymmaty näme bolsa bolsun hökümeti goramaga çalyşýandygyny aýtdy.

Kalyn şol söweşiň düşýän gymatynyň hemmelere mälimdigini, bir tarapda DAEŞ terrorçylygynyň we Siriýanyň hökümetiniň döwlet terrorynyň, beýleki tarapda bosgunlar meselesiniň barha agyrlaşýandygyny belläp geçdi.



Degişli Habarlar