Erdogan Ekwadorda duşuşyklar geçirdi

Günorta Amerika saparyny dowam etdirýän Prezident R.T.Erdogan Ekwadora bardy

427594
Erdogan Ekwadorda duşuşyklar geçirdi

Prezident Erdogan paýtagt Kitoda Prezident Rafael Korrea tarapyndan öwüşginli dabara bilen garşy alyndy.

İkiçäk duşuşan liderler, soň metbugata beýanat berdiler.

Prezident Erdogan iki ýurduň gatnaşyklarynyň hukuk binýadyny güýçlendirjek käbir ylalaşyklara gol çekişilendigini aýtdy.

Siriýa meselesi barada-da durup geçen Erdogan, Russiýa we hökümet tarapyndan agyr bombardymana sezewar bolan siriýalylaryň gaçmakdan başga çäresiniň ýokdugyny nygtap: “Bu hüjümi bes etdirmeýän dünýä bizden bosgun akymyny duruzmagymyzy isleýär" diýdi.

Prezident Erdogan son Korrea bilen Türkiýe-Ekwador İşewürler Maslahatyna gatnaşdy.

Maslahatda sözlän sözünde Türkiýäniň G20-niň döwürleýin ýolbaşçylygyny köp sanly ugurda konkret ösüşler bilen tamamlandygyny beýan eden Erdogan: “Türkiýe dünýäniň bäşden uludygyna bolan ynam bilen global borçlaryň we baýlyklaryň adalatly paýlaşylmalydygyna ynanýar. Günorta Amerika bilen gatnaşyklarymyzy ösdürmek üçin edýän başlangyçlarymyzyň aňyrsynda ine şu düşünje bar" diýdi.

Erdogan Ekwador bilen 119 million bolan söwda mukdarynyň bir milliarda ýetirlip bilinjekdigini aýtdy.

Merkez uniwersitetinde talyplar bilen duşuşan Erdogan Siriýa meselesi boýunça alynyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Erdogan sebitindäki meselelere garamazdan Türkiýäniň güýçli ykdysadyýeti netijesinde global çökgünliklerden zyýan çekmändigini gürrüň berdi.

Erdogan: “Siriýada dowam edýän mesele çözülmän başga meseleleriň hötdesinden gelmek, asudalygyň we ynam şertleriniň täzeden dikeldilmegi mümkin däl. Siriýanyň ilatynyň ýarysy öýlerinden mahrum edildi, bu şertlerde bosgunlar meselesi çözülip bilinmez" diýdi.


Degişli Habarlar