Şyrnakda 1 esger şehit boldy

Operasiýalarda soňky 3 günde 54 terrorçy öldürildi

413721
Şyrnakda 1 esger şehit boldy

Şyrnak welaýatynyň Jizre etrabynda aýralykçy terror guramasyna garşy guralan operasiýada 1 esger şehit boldy.

Jizre etraby bilen birlikde Silopi etrabyny hem öz içine alýan operasiýalarda soňky 3 günde 54 terrorçy öldürildi.

Jizre etrabynda dowam edýän şehit polis Muhammet Onur operasiýasynda terrorçylar bilen esgerleriň arasynda çaknyşyklar bolýar.

Beýleki tarapdan Premýer ministr Ahmet Dawutogly operasiýalaryň dowam edýän etraplarynda öýleri, ulaglary we iş ýerleri ýanan raýatlaryň çeken ýitgileriniň öwezininiň dolduryljakdygyny aýtdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar