Çawuşogly ABŞ-na gitdi

Mewlüt Çawuşogly Halkara Siriýa goldaw toparynyň maslahatyna gatnaşar

412991
Çawuşogly ABŞ-na gitdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Halkara Siriýa goldaw toparynyň maslahatyna gatnaşmak üçin ABŞ-na gitdi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Siriýa krizisiniň syýasy taýdan çözülmegi maksady bilen ABŞ-nyň Nýu Ýork şäherinde geçiriljek maslahatyň öňüsyrasynda Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Adil Bin Ahmed Al Jubeýr we Kataryň Daşary işler ministri Halid bin Muhammed Al Atiýýe bilen duşuşdy.

Metbugata ýapyk ýagdaýda geçen duşuşykda üçünjisi geçirilýän Halkara Siriýa goldaw toparynyň maslahaty meselesine garaldy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar