"Biz howa giňişligimizi goradyk"

Premýer ministr Ahmet Dawutogly Ankara bilen Moskwanyň arasyndaky dartgynlygyň sebäpkäriniň Russiýadygyny aýtdy

410936
"Biz howa giňişligimizi goradyk"

Dawutogly Bolgariýada teleýaýlymlardan birine Russiýa bilen başdan geçirilýän dartgynlyk barada beýanat berdi.
Premýer ministr Dawutogl: “Rus uçaryny näme sebäpden urup düşürmäge karar berdiňiz” diýilýän soraga, “Biz uçar düşürmäge däl, eýsem howa giňişligimizi goramaga karar berdik” diýip jogap berdi.
Dawutogly sözlerini şeýle dowam etdirdi: “Rus uçary rus howa giňişliginde, Siriýanyň howa giňişliginde ýa-da halkara howa giňişliginde urlup düşürilmedi. Biziň kararymyz we harby goşuna beren görkezmämiz serhedimizi, howa we deňiz giňişligimizi goramaklyk barada. Şol wakadan ozal rus uçarlary üç gezek howa giňişligimizi bozupdy.”
Russiýa bilen dartgynlygy artdyrmaga Türkiýäniň karar bermändigini nygtan Dawutygly: “Olar çykyşlarynda dartgynlygy, Türkiýä garşy sanksiýa goýmaklygy we özara gatnaşyklary dartgynlaşdyrmagy saýlap aldylar. Emma Türkiýe Russiýa ýaly çemeleşmedi” diýdi.
Söhbetdeşlikde Bolgariýa bilen özara gatnaşyklar barada-da durup geçen Premýer ministr Dawutogly, maksadyň iki ýurdun arasyndaky söwda mukdaryny iki esse artdyrmakdygyny aýtdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar