Çawuşogly Gentiloni bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Iki kärdeş telefon söhbetdeşliginde Liwiýadaky syýasy krizisiň çözülmegi hakynda pikir alyşdy.

405572
Çawuşogly Gentiloni bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Italiýanyň Daşary işler ministri Paolo Gentiloni bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Çawuşogly bilen Italiýaly kärdeşi 13-nji dekabrda daşary işler minisrtleriniň gatnaşmagynda İtaliýanyň paýtagty Rimde geçirilmegine garaşylýan Liwiýa maslahatynyň öňüsyrasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Iki kärdeş telefon söhbetdeşliginde Liwiýadaky syýasy krizisiň çözülmegi hakynda pikir alyşdy.
Ýewropadaky bosgun krizisinde esasy rol oýnaýan Liwiýadaky içerki baş-başdaklygyň çözülmegi meselesine garaljak maslahatda, terror guramasy DAEŞ-e garşy göreş meselesi hem ara alnyp maslahatlaşylar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar