Adam hukuklarynyň bütindünýä gününe bagyşlanan ýüzlenme

Erdogan Türkiýede soňky 13 ýylda kabul eden kanuny üýtgetmeleri bilen adam hukuklary taýdan uly öňe gidişligiň edilendigine ünsi çekdi

405486
Adam hukuklarynyň bütindünýä gününe bagyşlanan ýüzlenme

Prezident R. T. Erdogan 10-njy dekabr Adam hukuklarynyň bütindünýä güni mynasibetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi.
Prezident Erdogan, Türkiýede soňky 13 ýylda kabul eden kanuny üýtgetmeleri bilen adam hukuklary taýdan uly öňe gidişligiň edilendigine ünsi çekdi.
Siriýadaky krizisiň birnäçe ýurda ýaramaz täsirini ýetirýän döwründe Türkiýäniň diline, dinine we messebine garamazdan öz ýurdunda zuluma sezewar bolan 2,5 million adama gapylaryny açyp, olara eýe çykyp halkara jemgyýetçiliginiň wyjdany bolandygyny aýdan Prezident Erdogan: “PKK, ÝPG, DHKP-J, DAEŞ, Al Kaida we Boko Haram ýaly terror guramalarynyň wagşy hereketleri bilen döwrümizde adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň öňündäki iň uly päsgelçiliklerden biri bolandygyny görýäris.Türkiýe howpsyzlyk-azatlyk deňagramlylygyny goramak bilen terrorçylyga garşy tutanýerli göreşini dowam etdirer” diýdi.
Prezident Erdogan 10-njy dekabr adam hukuklarynyň bütündünýä günüň halkymyza we tutuş adamzada parahatçylyk, asudalyk we durnuklylyk getirmegini arzuw edýändigini nygtady.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar