"Türk harby tälim topary Yrakda iş alyp barýar"

Türk harby tälim topary DAEŞ-e garşy göreşiň çäginde 1 ýyldan bäri Yrakda iş alyp barýar

404453
"Türk harby tälim topary Yrakda iş alyp barýar"

Türkiýäniň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Halit Çewik türk harby tälim toparynyň terror guramasy DAEŞ-e garşy göreşiň çäginde 1 ýyldan bäri Yrakda iş alyp barýandygyny aýtdy.
Halit Çewik Türkiýäniň Yrakdaky harby tälim topary meselesiniň Russiýa tarapyndan BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň gün tertibine getirilmeginden soň mesele hakynda beýanat berdi.
Halit Çewik “Yragyň territorial bitewili we özbaşdaklygy Türkiýe üçin diýseň möhüm” diýdi.
Çewik Türkiýäniň terror guramasy DAEŞ-e garşy göreşýän halkara hyzmatdaş güýçleriniň agzasydygyny nygtady.
Çewik Türkiýäniň DAEŞ-i esasy howplardan biri hökmünde görýändigini we terror guramasy DAEŞ-e garşy yragyň halkyna goldaw bermäge dowam etjekdigini aýtdy.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar