Serhetde berk howpsyzlyk çäreleri görülýär

Serhetde belentligi 3 metr bolan diwar örülýär

400760
Serhetde berk howpsyzlyk çäreleri görülýär

Türkiýe-Siriýa serhedinde berk howpsyzlyk çäreleri görülýär.

Gaziantebiň Karkamyş etraby bilen Kilis welaýatynyň Çobanbeýli etrabynyň arasyndaky 42 kilometrlik meýdanda belentligi 3 metr bolan diwar örülýär.

Serhediň dowamynda esgerler üçin täze gözegçilik diňleri gurulýar.

Gaziantebiň Karkamyş etrabynyň edil garşysynda ýerleşýän Siriýanyň Jerablus şäheriniň terror guramasy DAEŞ-iň gözegçiligi astynda bolandygy sebäpli etrapda berk howpsyzlyk çäreleri görülýär.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar