2 ýylda 1079 terrorçy boýun egdi
PKK-nyň hataryndan gaçan 1079 terrorçy howpsyzlyk güýçlerine boýun egdi
397043
Şyrnak welaýatynda soňky 2 ýylda aýralykçy terror guramasy PKK-nyň hataryndan gaçan 1079 terrorçy howpsyzlyk güýçlerine boýun egdi.
Welaýat häkimligi tarapyndan berlen beýanatda ýaňy ýakynda ýene-de 8 terrorçynyň howpsyzlyk güýçlerine boýun egendigi bellenildi.
Beýanatda 2013-nji ýylyň 21-nji martyndan 2015-nji ýylyň 30-njy noýabryna çenli terror guramasynyň hataryndan gaçan 1079 terrorçynyň howpsyzlyk güýçlerine boýun egendigi nygtaldy.
Degişli Habarlar
Numan Kurtulmuş Eýranly Kärdeşine Gynanç Bildirdi
Kurtulmuş, Eýranyň Mejlisiň Başlygy Kalibaf bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.